www.trtturkmen.com
Rss
AKTUAL SYN 308
Demokratik jemgyýet partiýasynyń ýapylmagy
Posted 17.12.2009 13:41:23 UTC
Updated 17.12.2009 13:41:23 UTC

Türkiýäniń Ýokary kazyýeti üstümizdäki aýyń 11-de Demokratik jemgyýet partiýasyny bir agyzdan ýapyp, partiýanyń başlygy Ahmet Türk bilen Aýsel Tuglugyń halk deputatlygyny bes etdi we olary 5 ýyl syýasatdan mahrum etdi. Partiýanyń ýapylmagyna sebäp hökmünde partiýanyń terror bilen bolan arabaglanşygy görkezildi. Demokratik jemgyýet partiýasynyń ýolbaşçylary partiýanyń ýapylmagy baradaky karara öz deputatlaryny Türkiýäniń Beýik Millet Mejlisinden yzyna çagyrmak bilen garşylyk görkezdi. Partiýanyń tarapdarlary bolsa köp sanly şäherde protest aksiýalaryny geçirdi. Bu wakalar birbada Türkiýäniń gün tertibini özgertdi. Kararyń Türkiýäniń syýasatyna we Demokratik başlangyja nähili täsir ýetirjekdigi jedelleşilmäge başlandy.

DJP-nyń ýapylmagy konstitutsiýa taýdan dogry hem bolsa demokratiýa taýdan gelşikli ýagdaý däl. Sebäbi demokratiýalarda halkyń syýasata goşulmagynyń iń esasy serişdesi syýasy partiýalar. Halkyń saýlan deputatlarynyń roly bu etapda ińńän möhümdir. Şol sebäpden syýasy partiýalaryń ýapylyp ýapylmajakdygyna hukuk ýa-da beýleki organlar däl, saýlawçylaryń karar bermegi has ýerlikli bolar.

Şol umumy kadalaryń ýerine ýetirlip bilinmegi üçin syýasy partiýalaryń işleriniń kanunlara ýa-da konstitutsiýa laýyk bolmagy hökmany. Dünýäniń ähli demokratik ýurtlarynda syýasy basyş edýän, terrorçylykly aksiýalara gatnaşan ýa-da goldaw berýän partiýalaryń gadagan edilendigi bilinýär. Ýewropada terrora we çaknyşyklara goldaw berýän partiýalar Wenesiýa kriteriýalaryna görä ýapylypdy. İspaniýada Batasuna patiýasynyń şol çäkde ýapylmagy Ýewropa adam hukuklary kazyýeti tarapyndan ýerlikli hasap edilipdi. Türkiýe-de terror ýa-da dünýewilige garşy bolandygy sebapli onlarça syýasy partiýa ýapyldy. Emma Türkiýede partiýa ýapmagyń Ýewropa ýurtlaryna görä has köp we ýeńil bolandygy gynansagam bir hakykat.

DJP-nyń ýapylmagy Kanstitutsiýanyń 68-nji we 69-njy maddalary bilen syýasy partiýalar kanunynyń 101-nji we 103-nji maddalaryna esaslandyrlandyr. DJP-nyń terror guramasy PKK bilen aragatnaşyk saklamagy we döwletiń ýurdy we halky bilen bölünmez bütewiligine bap gelmeýän hereketleriń merkezi ýagdaýyna gelendigi sebäpli ýapylandygy nygtaldy.

Bu kararyń kabul edilmeginde DJP-nyń halk wekilleriniń terrorçy Abdulla Öjalan hakynda öwgüli sözler aýtmagy we terrorçylykly aksiýalary ýazgarmazlyklary täsirli boldy. Partiýanyń ýapylmagy kararynda sońky aýlarda başdan geçirlen şu aşakdaky wakalaryń uly rol oýnandygy aýdylyp bilner:Mysal üçin Öjalanyń tusaghanadaky şertleri sebäpli guralan köçe ýörişleri, şäherlerde gün saýyn köpelýän terrorçylykly aksiýalar, Reşadiýe etrabynda 7 esgeriń şehit edilmegi we DJP-nyń bu wakalara berk garşylyk görkezmezligi. Bu üýtgeşmeler, DJP-nyń partiýanyń ýapylmagyny isleýändigi görnüşinde hem analiz edilipdi. Bu nukdaý nazardan seredilende DJP-nyń ýapylmagy surpriz bolmady.

Bu kararda soń Diýarbakyr welaýatynda jemlenşen DJP-nyn dolanşyk geńeşi, karara garşylyk görkezmek üçin partiýa agza bolan ähli halk wekilleriniń Türkiýäniń Beýik Millet Mejlisinden çekiljekdigini bildirdi. Sebäp hökmünde, kürt meselesine TBMMniń içinde demokratik çözgüt tapmak tagallalarynyń indi ähmiýetini ýitirendigi nygtaldy. Karary 14-nji dekabrda TBMM-de guralan býujet maslahatyna gatnaşmazlyk bilen durmuşa geçirdiler.

DJP-niń ýapylmagyndan we halk deputatlygyndan aýrylmak baradaky karardan soń iki mesele öńe saýlandy. Birinji mundan beýläk Demokratik başlangyç etaby nähili bolar? İkinjisi DJP-nyń halk deputatlarynyń TBMM-den aýrylmaklary Türkitäniń syýasatyna nähili täsir ýetirer.

Birinji meselede häzirlikçe kynçylyk görünmeýär. Premýer ministr Erdogan mejlisde eden çykyşynda Demokratik başlangyjyń dowam etjekdigini aýtdy. Syýasy gadagançylyk goýulan Ahmet Türk hem ähli kynçylyklara seretmezden Demokratik başlangyjyń dowam etmegini isleýändiklerini aýtdy.

İkinji meselede nähili özgerlişigiń boljakdygy anyk belli däl. Sebäbi halk deputatlarynyń mejlisden aýrylmaklary üçin TBMM-de azyndan 276 ses bilen tassyklanylmagy gerek. Şeýlelikde şol deputatlaryń ýagdaýy Adalat we ösüş partiýasynyń, MHP-nyń we JHP-nyń halk deputatlarynyń görkezjek tutumlaryna bagly.

(www.trtturkmen.com)

Turkish Radio - Television Corporation Official Web Site
This service may include material from Anatolian News Agency (AA), Agence France-Presse (AFP), Associated Press (AP), Reuters, Deutsche Press Agentur (dpa), ATSH, EFE, MENA, ITAR TASS, XINHUA which is copyright and cannot be reproduced.