Posted 29.07.2010 08:53:22 UTC
Updated 29.07.2010 11:37:54 UTC
Döwlet ministri Zafer Çaglaýanyň ýolbaşçylygyndaky 100 adamlyk türk söwda topary Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda gepleşikler geçirýär.
Döwlet ministri Zafer Çaglaýan Bakuwda döwlet gonamçylygy bilen Azerbaýjan we türk şehitliklerini zyýarat etdi.
Prezident İlham Aliýew tarapyndan kabul edilen Zafer Çaglaýan Ykdysadyýet we ösüş ministri Şahin Mustafaýew bilen duşuşdy.
Ministr Zafer Çaglaýan iki ýurduň arasynda 2 milliard dollara barabar bolan söwda mukdaryny 5 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini aýtdy.
Döwlet ministri Zafer Çaglaýanyň ýolbaşçylyk etmegindäki topar şu gün Azerbaýjan-Türkiýe Biznes forumyna gatnaşar.
Türkiýäniň Bakuwdaky ilçihanasynyň daşary söwda geňeşligi tarapyndan berlen beýanatda şu gün geçirilmegi meýilleşdirilýän Azerbaýjan-Türkiýe Biznes forumynda iki ýurduň arasyndaky maýa goýum mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagy barada pikir alyşyljakdygy nygtaldy. (www.trtturkmen.com)