Posted 12.01.2010 19:21:34 UTC
Updated 12.01.2010 19:21:34 UTC
Gepleşigimiziń bu sanyna gynançly habar bilen başlaýarys. Özbegistanyń belli edebiýat ussady we halk ýazyjysy Adil Ýakubow 83 ýaşynda aradan çykdy. Meşhur ýazyjynyń aradan çykmagy Özbegistanda uly gynanç döretdi. Gynançly waka sebäpli Prezident Yslam Kerimow, Senadyń başlygy İlgizar Sobirow, Kanun çykaryş mejlisiniń başlygy we Premýer ministr bilelikde gynanç ýüzlenmesini çap etdi. Ýüzlenmede özbek edebiýaty üçin uly ýitginiń çekilendigi beýan edildi.
Meşhur ýazyjy Ýakubow 1926-njy ýylda daýhan maşgalasynda häzirki Gazagystanyń Türkistan şäheriniń çägindäki Karnak etrabynda dünýä inýar. Özbek diliniń ýaşaýan iń ussat romançysy hökmünde kabul edilýän merhum Ýakubowyń çagalyk ýyllary agyr göreş bilen geçdi. 1951-nji 1956-njy ýyllarda şol wagtky ady “Orta Aziýa Uniwersiteti” bolan härizki Özbegistan Döwlet Uniwersitetinde Filologiýa fakultetinde bilim aldy. Ýazyjynyń ilkinji hekaýasy bolan “Tendeşler” 1951-nji ýylda çap edilýär. Ýazyjy soń “İki söýgi”, “Mukaddes”, “Goşa ganat”, “Dury kandyllar”, “Ulugbekiń hazynasy”, “Adalat menzili” we “Ak guşlar, ap-ak guşlar” ýaly kitaplary ýazdy. Awtoryń “Mukaddes” we “Adalat menzili” atly romanlary türk diline terjime edildi. Meşhur ýazyja özbek edebiýatyna goşan goşantlary mynasybetli Prezident Yslam Kerimow tarapyndan “Özbegistanyń halk ýazyjysy” ady, “Dostluk” we “İl ýurt hormaty” medallary bilen sylaglandy.
Türk dünýäsiniń senetkärler we ýazyjylar gaznasy TÜRKSAW-yń döredileli bäri her ýyl berýän baýraklaryna 2009-njy ýylda laýyk görülenler guralan metbugat ýygnagy arkaly aýan edildi. Metbugat ýygnagynda çykyş eden TÜRKSAW-yń başlygy Ýahýa Akengin şeýle diýdi: “Gaznamyz ýurduń gün tertibinde ünüsden düşýän Türk dünýäsi hakykatyny ýatdan çykartmazlyk üçin öz güýjüne laýyklykda tagallasyny dowam etdirýär. 2009-njy ýylda Nahçywanda Döwlet ýolbaşçylary derejesinde döredilmegine karar berilen Türk Geńeşiniń durmuşa geçirilmegi möhüm wakadyr. Şol geńeşiń durmuşa geçirilmegi netijesinde türk dünýäsinde çynlakaý tagallalaryń başynyń başlanmagyny arzuw edýäris. Türk dünýäsinde ýaş respublikalaryń garaşsyzlyklarynyń 20-nji ýyly bolan 2011-nji ýyl üçin “Türk dünýäsiniń 20-nji ýyllygy” taslamasynyń başyny başladandyklaryny beýan eden Ýahýa Akengin Türk dünýäsi bilen baglanşykly işleriń wagtal-wagtal buýrokratik bökdençliklere sezewar bolunýandygyny nygtady.
Baýraklar üstümizdäki ýylyń mart aýynda DKTR-da geçirilmegi göz öńünde tutulýan dabarada gowşurylar. “14-nji Türk Dünýäsine hyzmat baýraklaryny” aljaklar şular: Azerbaýjandan Prof.Dr. Jemil Hesenli, Bosniýa-Gersogowinadan Prof.Dr. Fehin Nanotak, Gazagystanyń Bilim ministri Prof.Dr. Janseýit Tüýmebaýew. DKTR-nyń premýer ministri Derwiş Erogly, Türkiýäniń Bakuwdaky baş ilçisi Hulusi Kylyç, Türkiýäniń Kojaeli welaýat häkimligi, Ankaranyń Etimesut etrap häkimligi, Ýunus Emre instituty we Gardaş galamlar jurnaly.
Nobatdaky habarymyzyń sözbaşysy “Orsýetde Al Wasatiýa atly Yslam merkezi açylýar”. Habaryń mazmuny bolsa şeýle: Geçen ýylyń sońky günlerinde Kuweýtde “Orsýet-Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyń 5-nji ýygnagy geçirildi. Ýygnaga Orsýetiń adyndan İnguşetiýanyń Prezidenti Ýunusbek Ewkurow, Orsýetiń YKG-daky wekili Kamil İshakow, Federasiýa geńeşiniń başlygynyń birinji orunbasary Aleksandr Toraşin, Müftiler geńeşiniń başlygy Rawil Gaýnutdin we beýleki ýokary derejeli resmiler gatnaşdy. Duşuşykda Orsýet bilen Yslam dünýäsiniń arasyndaky gatnaşyklar, başdan geçirilýän kynçylyklara tapyljak çözgütler barada pikir alyşyldy. Orsýetiń Prezidenti Dimitri Medwedew ýygnaga ugradan gutlag ýüzlenmesinde özara gatnaşyklaryń güýçlendirilmelidigini beýan etdi. Medwedew “Bu forum üç ýylyń dowamynda Orsýet bilen musulman ýurtlarynyń arasyndaky ynamyń we iki taraply düşnüşmegiń güýçlendirilmegini üpjün etdi” diýdi.
Kuweýtde Orsýetiń Müftiler geńeşi bilen Kuweýt Yslam we gaznalar ministrliginiń arasynda hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy. Ýygnakda şol sanda Orsýetde Al-Wasatiýa atly Yslam merkeziniń döredilmegi barada-da şertnama baglaşyldy. Şertnama Kuweýtiń Gaznalar ministriniń orunbasary Abdel Al Falýah we Orsýetiń Musulmanlar edarasynyń Ýewropa bölüminiń ýokary derejeli resmisi Farid Asadullin gol çekdi. Alynan maglumata görä merkez Orsýetiń musulmanlarynyń arasynda parasatlylygyń we hoşniýetliligiń ýaýbańlaşdyrylmagy üçin iş alyp barar.
Sońky habarymyz Özbegistandan gelip gowuşdy. Sońky iki ýyldan bäri Aziýanyń iń ussat emin agzasy hökmünde saýlanan Özbegistanly emin agza Rawşan Ermatow dünýäniń iń ussat 15 sany emin agzasynyń hatarynda orun aldy.
Gysga ady YFFHS bolan Halkara futbol taryhy we Statistikalar federassiýasy tarapyndan 2009-njy ýylyń analizinde özbek emin agza Ermatow, dünýäniń iń ussatlarynyń sanawynda 15-nji orny eýeledi.
Özbek emin agza Ermatow Aziýa futbol federassiýasy tarapyndan 2008-nji we 2009-njy ýylyń iń başarjań emin agzasy hökmünde saýlanypdy. Ermatowyń 2010-njy ýylda guraljak Günorta Afrika bütin dünýä futbol çempionadynda emin agza bolmagyna garaşylýar.
(www.trtturkmen.com)