www.trtturkmen.com
Rss
TÜRK TALYPLARY YNAMLY
Bogaziçi uniwersitetiniň Aýdym-saz toparynyň Jaz hory Bütindünýä Hor olimpiadalaryna gatnaşmak üçin Hytaýa gider.
Posted 13.07.2010 11:27:28 UTC
Updated 13.07.2010 11:27:28 UTC

Horyň maksady bolsa Türkiýä wekilçilik etmek bilen birlikde üstünlik gazanmak.

İýul aýynyň 15-i bilen 26-sy arasynda geçiriljek olimpiadada 80 ýurtdan 400-den gowrak topar bäsleşer.

Bütindünýä Hor olimpiadasyna Türkiýäniň adyndan gatnaşjak Bogaziçi uniwersitetiniň Aýdym-saz toparynyň Jaz hory uniwersitetiň dürli bölümlerinde okaýan 24 talypdan ybarat.

Bir ýyldan bäri uly taýarlyk görýän topar Hytaýda üç kategoriýada bäsleşer. (www.trtturkmen.com)

Turkish Radio - Television Corporation Official Web Site
This service may include material from Anatolian News Agency (AA), Agence France-Presse (AFP), Associated Press (AP), Reuters, Deutsche Press Agentur (dpa), ATSH, EFE, MENA, ITAR TASS, XINHUA which is copyright and cannot be reproduced.