Posted 28.07.2010 10:43:55 UTC
Updated 28.07.2010 11:30:57 UTC
Türkmenistanýñ Ministrler kabineniñ başlýgýnýñ orunbasarý Hojamuhammed Muhammedow iş sapary bilen Türkiýä geldi.
Türkiýede saparda bolan Muhammedow Premýer ministr R. T. Erdogan we käbir ministrler bilen duşuşyklar geçirdi.
Duşuşyklarda Nabokko taslamasyna türkmen gazynyň girmegi baradaky meseleler barada hem pikir alyşyldy.
Hojamuhammed Muhammedow Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki ykdysady utgaşyklyk geňeşiniň 3-nji döwürleýin ýygnagyna gatnaşdy.
Hojamuhammedow Muhammedowyň wekilçiligindäki türkmen topary Energetika we tebigy baýlyklar ministri Taner Ýyldyz bilen hem duşuşdy.
Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren ministr Taner Ýyldyz “Nabukko taslamasyna türkmen gazynyň girmegi meselesindäki gepleşiklerimiz dowam edýär. Hazaryň üsti bilen gelip biljek gazyň mukdary barada gepleşik geçirýäri”diýdi.
(www.trtturkmen.com)