Posted 12.01.2010 18:29:38 UTC
Updated 12.01.2010 19:07:19 UTC
Yslam; azat bolmak, tabyn bolmak, barlyşmak manylaryny ańladýar. Gurhanda hem “Yslam” sözi 8 sekiz ýerde agzalyp geçilýär. Şol ýerlerde yslam Allaga tabyn bolmak, ońa gönükmek we ýeke hudaýly dine uýmak manylarynda ulanylýar. Şol sanda allanyń öńündäki hak dininiń özüne mahsus ady hökmünde-de “Yslam” ulanylandyr. Şol nukdaý nazardan din hökmünde “Yslam” allanyń birdigi baradaky prinsip bilen birlikde ońa bolan ähli şek-şübheden saplanan görnüşde tabyn bolmak hökmünde düşündirlip bilner. Yslam düşündirilýärkä ulanylýan esasy sözlerden biri “tabyn bolmakdyr”. Çünki yslamy kabul etmedik ilki durmuş obşina gurluşy döwründe adamyń özüne bolan ynamynyń çäksiz bolmagy we allanyń awtoritaryna boýun egmezligi ýaly ýagdaý bardy. Gurhanda esasanda men-menlik we kitüw sebäpli allanyń awtoritaryndan ýüz öwüren bisowat adamlar bilen ońa çuńńur sarpa goýan, tabyn bolan musulmanlar barada aýdylýar. Yslam barada maglumat berilýärkä ulanylýan esasy sözlerden biri-de “barlyşmakdyr”. Çünki yslam adamyń ilki bilen öz özi bilen we özüni ýaradan bilen ýagny Alla bilen barlyşykly bolmagyny isleýär. Özi bilen barlyşykly bolan adam, özüni tanamak we amala aşyrma tagallasynyń parhynda bolan adam diýmekdir. Şeýle adamlardan ýaradylyşyń manysyny öwrenip, alla bilen bendesiniń arasyndaky gatnaşygy amatly görnüşde ýola goýmagyna garaşylar. Şol nukdaý nazardan seredilende adam allanyń öńünde kiçi göwünli bolup, tabynlyk görkezmelidir. Yslamyń häzirki wagtda kabul edilýän kesgitlemesi bolsa şeýledir: Hz.Muhammediń alladan alan wahýilerini gönüden göni durmuşa geçirip emele getiren, özüne mahsus düzgünleri we pelsepesi bolan, taryhy tejribäniń we däbiń umumy ady.
İman, ynamly bolmak, gorkusyz bolmak diýmekdir. Umuman allanyń wahýisini tassyklamak we ynanylmasyny islän zatlaryna ynanmak hökmünde düşündirmek mümkin. Gurhanda iman adalgasy 800-den gowrak ýerde agzalyp geçilýär. Ýürekden gelýän duýgy hökmünde beýan edilýän hem bolsa, esasanda “iman edenler we salyg emel edenler” frazasyndan iman bilen emeliń arasynda ýakyn arabaglanşygyń bardygyna düşünmek mümkin. Ýagny allaga we onuń ynanylmagyny buýranlaryna iman eden mömin şol bir wagtda allanyń ýerine ýetirilmegini maslahat beren işlerini edip, gaça durmagyny ündeýän işlerinden çetde durmaly. Yslam imanyń durmuşda beýan tapmagyny isleýär.
İman we yslam terminleri aslyna seredilende şol bir zatlara ünsi çekýär. İman edendigini aýdýan adam şol bir wagtda yslamyń şertlerini hem kabul edýär. Çünki imanyń esaslary dińe gińden öwredilşi ýaly alty faktordan-Allaga ynanmakdan, kitaplaryna, meleklerine, pygamberlerine, ahyret gününe we ykbala ynanmakdan-ybarat däl. Eýsem dinde beýan edilýän ähli hökümlere ynanmakdyr.
Yhsan bolsa, iki manyda ulanylýar. Birinjisi başgasyna ýagşylyk etmek, ikinjisi bolsa işińi gowy berjaý etmek. İkinji manysy bir tarapdan seredilende adamyń özüne ýagşylyk etmegini ýada salýar. Çünki edýän işini göwnejaý edýän adam hem alla hem-de bendeleri tarapyndan eý görülýän adamdyr. Aýatlarda allanyń bu baradaky çemeleşmesi adamlara mysal hökmünde görkezilýär. Ýagny allanyń ýaradan ähli zadyny birkemsiz ýaratmagy, adamyń hem her bir işini göwnejaý ýerine ýetirmegini hökmanylaşdyrýar. Adamyń işlerini göwnejaý etmegi diýmek nämäni ańladýarka eýsem! Kabul edilýän iń belli garaýyşa görä yhsan allany görýän ýaly işlemek diýmekdir. Çünki bendesi ony görmese hem alla bendesini görýär. Bu ýerden çykarylmaly netije möminiń edýän işini allaga çuńńur sarpa we tabynlyk bilen etmeginiń hökmanydygy. Şol sanda yslam adamyń ene-atasynyń başda durmagynda beýleki adamlara sylag-hormata esaslanýan görnüşde çemeleşmegini hem ańladýar.
(www.trtturkmen.com)